Tor Project, Inc, 2006-njy ýylda 501(c)(3) girdeýji getirmeýän gurama öwrüldi, ýöne "onion geçiş" pikiri 1990-njy ýyllaryň ortalarynda döräp başlady.
Tor ulanyjylary ýaly, Tor mümkinçiligini döredenler, gözlegçiler we esaslandyryjylar dürli adam toparlaryndan ybaratdyr. Emma Tor bilen baglanyşykly ähli adamlary jemleýän umumy düşünje bolsa: internet ulanyjylar sensurasyz internede şahsy girmeli
90-njy ýyllda internetiň howpsuz däldigi we adamlara içalyçylyk etmek üçin ulanylyp bilinjekdigi belli boldy. 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Harby-deňiz gözleg barlaghanasynyň (NRL) Deýwid Goldslag, Maýk Rid we Pol Syverson, kimdir biri bilgeşleýin gözegçilik geçirýän hem bolsa, kim bilen aragatnaşyk saklaýandygyny açyp görkezmeýän internet aragatnaşygyny döretmek mümkinçiligi hakynda pikir etdiler.
Bu meselä jogap hökmünde, onion routing ilkinji eskizlerini we prototiplerini döretmek we durmuşa geçirmek boldy.
Onion routing maksady internedi mümkin boldugyça şahsy ulanmakdy. Tehniki taýdan, her ädimde şifrlemek, serwerleriň zynjyry arkaly traffigi ugrukdyrmakdy.
Bu, Tor-uň häzirki wagtda nähili işleýändigi barada ýönekeý düşündiriş.
2000-nji ýyllaryň başynda, ýaňy-ýakynda MIT-i Massachusetts Institute of Technology (MIT) gutaran Rojer Dingledine, Pol Siverson bilen NRL-de onion geçiş taslamasynda işläp başladylar.
Taslamasyny başga ýerlerde peýda bolup başlan beýleki "Onion routing " işlerinden tapawutlandyrmak üçin Roger oňa Tor (The Onion Routing) diýip at berdi. Roger bilen MIT-de okan Nik Mathewson tiz wagtdan taslama goşuldy.
1990-njy ýyllarda döredilen gününden başlap, merkezleşdirilmedik tora bil baglamak üçin onion gönükdirildi. Network dürli gyzyklanmalary we ynam çaklamalary bolan guramalar tarapyndan dolandyrylmalydy, aç-açanlygy we merkezden daşlaşdyrmagy ýokarlandyrmak üçin programma üpjünçiligi erkin we açyk bolmalydy.
Tor 2002-nji ýylyň oktýabr aýynda göni ýaýlyma çykanda, onuň kody mugt we açyk ygtyýarnama bilen çap edildi.
2003-nji ýylyň ahyryna çenli bu ulgamda esasan ABŞ-da we Germaniýada onlarça meýletin düwünleri bardy.
Tor sanly hukuklar üçin peýdalaryny bilip, Electronic Frontier Foundation (EFF) 2004-nji ýylda Rojer we Nikiň Tor baradaky işini maliýeleşdirip başlady. 2006-njy ýylda Toruň ösüşini goldamak üçin 501(c)(3) girdeji getirmeýän gurama bolan Tor Project, Inc. döredildi.
2007-nji ýylda bu gurama, ulanyjylarynyň açyk internete girmegi üçin hökümet senzurany geçmek we çözmek üçin Tor network köprüleri özleşdirip başlady.
Tor şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi bilen gyzyklanýan aktiwistleriň we tehnologiýa taýdan ökde ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanyp başlady, ýöne tehniki taýdan ökde däl adamlara ulanmak henizem kyn bolup bilýär. Şonuň üçin 2005-nji ýyldan başlap diňe Tor proxy-dan başga gurallary işläp düzmek ugrunda işler alnyp başlandy.
2008 Tor Browser ösüşi başlady.
Häzirki wagtda internet ulanyjylary we aktiwistleri her gün Tor Browser ulanýarlar. Mysal üçin, 2010-njy ýyllaryň ahyrynda başlanan "Arap Bahary" döwründe Tor möhüm gural boldy. Tor diňe bir onlaýn adamlar hakda maglumatlary goramak bilen çäklenmän, möhüm çeşmelere, sosial ulgamlara we petiklenen sahypalara girmäge mümkinçilik berdi.
Snowdeniň 2013-nji ýyldaky aýan etmeleri, köpçülikleýin gözegçilikden goramak üçin gurallara ulanyjynyň gyzyklanmasyny artdyrdy we temany iň ýokary derejä çykardy.
Tor diňe bir Snoudeniň gizlin gep ýetirmeginde möhüm rol oýnamak bilen çäklenmän, resminamalaryň mazmuny hem şol döwürdäki kepillikleri goldaýar, Tor-y çatladyp bolmady.
Adamlaryň yzarlamak, gözegçilik we senzura baradaky düşünjesi artan bolmagy mümkin, emma internet azatlygyna bu päsgelçilikleriň ýaýramagy hem artdy.
Häzirki wagtda bu ulgam müňlerçe relýeler meýletinçiler we dünýädäki millionlarça ulanyjy tarapyndan dolandyrylýar. Tor ulanyjylarynyň howpsuzlygyny hut şu dürlilik saklaýar.
Biz Tor Project-da, her kimiň senzurasyz internete girmegi üçin her gün göreşýäris we Tor onlaýn gizlinlik we erkinlik üçin dünýäde iň güýçli gural boldy.
Emma Tor diňe bir programma üpjünçiligi däl. Adam hukuklaryna bagyşlanan halkara jemgyýetçiligi tarapyndan döredilen we yhlas bilen edilen zähmetdir. Tor Project çuňňur wepaly ulanyjylaryň aç-açanlygy we howpsuzlygy üçin maglumat.